Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

AEHA: Eýran ýakyn wagtda urany baýlaşdyrmaga başlap biler


Rafaýel Grossi
Rafaýel Grossi

Eýran urany baýlaşdyrmak boýunça önümçiligini täzeden dikeltmek üçin tehniki mümkinçiliklerini saklaýar we bu işi birnäçe aýyň dowamynda täzeden ýola goýup biler. Bu barada Atom energiýasy boýunça Halkara agentliginiň (AEHA) başlygy Rafaýel Grossi CBS telekanalyna beren interwýusynda aýtdy.

Onuň sözlerine görä, Ysraýyl bilen ABŞ-nyň Eýranyň ýadro desgalaryna uran zarbalary möhüm zyýan ýetiripdir, emma bu kesgitleýji bolmandyr.

Mundan ozal, ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Ysraýyl we Birleşen Ştatlar tarapyndan urlan zarbalardan soň, Eýranyň ýadro desgalarynyň doly ýok edilendigini aýdypdy.

CNN we The New York Times neşirleriniň çeşmeleri bu hüjümleriň Eýranyň ýadro programmasyny diňe wagtlaýyn saklandygyny habar berdi. Financial Times neşiriniň maglumatynagörä, ýokary derejede baýlaşdyrylan uranyň uly bölegine täsir ýetmändir.

XS
SM
MD
LG