30-njy iýunda agşam Täjigistanyň Hatlon welaýatynyň Farhor etrabynyň Kizisu obasynda pajygaly waka bolup geçdi: bir eje dört sany kiçi ýaşly çagasy bilen özüni Suhrab derýasyna oklady. Şaýatlar wakanyň bolan ýerinden düşürilen wideo ýazgylary we suratlary Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugy, Radio Ozodiniň redaksiýasyna ugratdy.
Täjigistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça komitetiniň 1-nji iýulda beren maglumatyna görä, aýaly halas etmek başardypdyr. Emma onuň iki perzendiniň jansyz jesetleri suwdan çykarylypdyr. Galan iki çaga heniz hem gözlenýär.
Çagalaryň ýaşy we ejäniň bu ädiminiň mümkin sebäpleri barada resmi taýdan maglumat berilmedi.
Radio Ozodiniň çeşmeleriniň aýtmagyna görä, aýal tussag edildi. Oňa Täjigistanyň Jenaýat kodeksiniň 104-nji maddasynyň 2-nji bölümi (“Iki ýa-da has köp adamy öldürmek”) boýunça jenaýat işi gozgalypdyr.