Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Siriýa garşy girizilen sanksiýalaryň ýatyrylmagy baradaky permana gol çekdi


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Siriýa garşy girizilen sanksiýalaryň ýatyrylmagyny we eksport gözegçiliginiň gowşadylmagyny göz öňünde tutýan permana gol çekdi. Bu barada Ak Tamyň resmi sahypasynda habar berilýär.

Resminamada, şol sanda, Siriýa berilýän kreditlere we kömek serişdelerine goýlan çäklendirmeleriň, şeýle-de harytlaryň we tehnologiýalaryň eksportyna degişli gadagançylyklaryň ýatyrylmagy hem göz öňünde tutulýar.

2024-nji ýylyň dekabrynda Russiýa gaçan Siriýanyň öňki prezidenti Başar Asada, onuň maşgalasyna we tarapdarlaryna garşy girizilen sanksiýalar güýjünde galýar. Tramp uruş jenaýatlaryna we adam hukuklarynyň bozulmagyna jogapkär şahslaryň jogapkärçilige çekilmegi üçin goşmaça ädimleriň gerekdigini aýtdy.

2025-nji ýylyň maýynda Ýewropa Bileleşigi hem Siriýa garşy girizilen sanksiýalary ýatyrdy.

Tramp Döwlet departamentine Siriýany “terrorçylygy goldaýan döwletleriň” sanawyndan aýyrmak, şeýle-de “Haýýat Tahrir aş-Şam” toparyny daşary ýurt terrorçy guramalarynyň sanawyndan çykarmak boýunça çäreleri görmegi tabşyrdy.

Bu topar 2024-nji ýylyň noýabr-dekabr aýlarynda gozgalaňçylaryň ýolbaşçylygyna geçip, Damasky eýeledi. Munuň netijesinde Başar Asadyň režimi syndy. Toparyň lideri Ahmed aş-Şaraa (Abu Muhammet al-Žulani) Siriýanyň wagtlaýyn prezidenti hökmünde yglan edildi.

XS
SM
MD
LG