Arkadag şäherinden öý satyn alýan raýatlaryň türkmen bolmagy tabşyryldy - çeşme

Baýramçylyk dabarasy. Arkadag şäheri

Arkadag şäherinde kaşaň binalaryň, şol sanda ýaşaýyş jaýlaryň ýüzlerçesi guruldy. Öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň şanyna milliardlarça amerikan dollaryna gurlup, 2023-nji ýylda açylan bu şäherde gurluşyklar dowam edýärkä, bu ýerdäki gymmatbaha jaýlar diňe saýlanan raýatlara satylýar. Azatlygyň Türkmenistandaky çeşmelerine görä, indi şäheriň ýaşaýjylarynyň diňe etniki türkmen bolmagy talap edilýär.

"Arkadagda öý satyn almak isleýän türkmen raýatlarynyň milletiniň türkmen bolmalydygy ýokardan berk tabşyryldy" diýip, bu şäherdäki ýagdaýdan habarly çeşmeleriň biri 2-nji iýulda habar berdi.

Azatlyk Radiosy bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan çeşmeleriň sözlerine görä, dilden edilen bu talaba görä, Türkmenistanyň etniki azlyklaryna degişli raýatlary täze şäherden jaý satyn almak isleseler olara rugsat berilmeýär.

Degişli maglumat Arkadag şäherinde ulaglar AK döwlet belgisi bilen hasaba alynýar, 'artykmaçlyklardan' peýdalanýar

Raýatlara bu düzgün barada ipoteka almak üçin ýüz tutan wagtynda hem duýdurylýar.

"Arkadag şäherinden kwartira satyn almak üçin ipoteka almaga dokument toplamakçy bolanymda häkimlik işgäri 'siz Arkadag şäherinden kwartira satyn almak üçin pasportyňyza türkmen diýip ýazdyrmaly' diýdi" diýip, Aşgabadyň ýaşaýjysy howpsuzlyk aladalary sebäpli anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Arkadagyň häkimiýet edaralarynyň birine ýakyn çeşme bu tabşyrygy Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem ýakynda agzandygyny belledi.

"Golaýda iýun aýynda Arkadagymyz şähere gelende 'bu şäherden öý aljak raýatlary berk öwreniň we hökman türkmen milletli raýatlarymyza kwartira satyn almaga rugsat beriň' diýip berk tabşyrdy, Mundan ozal diňe üç arka barlagyndan geçen we paýtagtyň hem-de Gökdepäniň raýatlaryna jaý satyn almaga rugsat berilerdi. Indiden beýläk öňki talaplara milleti diýen punkt hem goşuldy" diýip, çeşme aýdýar.

Döwlet mediasyna görä, Gurbanguly Berdimuhamedow öz adyny göterýän şähere 28-nji iýunda sapar etdi.

Azatlyk Radiosy çeşmeleriň şäherden jaý satyn almak isleýän raýatlaryň milletine degişli talap barada beren maglumatyny Arkadagyň häkimliginden tassyklap bilmedi.

Türkmenistanda agyr ykdysady krizisiň dowam edýän döwründe gurulýan Arkadag şäheriniň birinji tapgyry 2023-nji ýylyň 29-njy iýunynda açyldy, şonda 336 sany dürli desga ulanylmaga berildi.

Arkadag şäherinde jaý satyn alýanlaryň üç arka barlagyndan geçmegi talap edilipdi. Şeýle-de, jaýlaryň diňe aşgabatlylara we ahal welaýatynyň ýaşaýjylaryna satylmagyna rugsat berlipdi.

Degişli maglumat Iri telekeçiler, ýokary wezipeli emeldarlar Arkadag şäherinden jaý satyn almaga höweslendirilýär

Arkadag şäherinde ipoteka esasynda jaý satyn alan welaýat ýaşaýjylarynyň jaýlarynyň ellerinden alynmagy bilen bagly ýagdaýlar ýüze çykdy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri 2024-nji ýylyň maý aýynda habar beripdi.

Bu aralykda täze şäherde gurulýan jaýlar Arkadagdaky edaralarda işleýän işgärlere hödürlenýär we olar jaý satyn almaga çagyrylýar. Mundan öň paýtagtly telekeçilerden jaý satyn almak talap edilipdi.

"Arkadagdan öý satyn alýan adamlar juda az, Aşgabatdaky lukmanlara we telekeçilere mejburlyk bilen kwartiralary satdylar, ýöne muňa garamazdan henizem şäherdäki jaýlaryň aglaba köpüsine hyrydar tapylmaýar" diýip arkadagly çeşme aýtdy.

Türkmen häkimiýetleri we mediasy döwlet gaznasyndan ençeme milliard dollar mukdarda pul sarp edilen Arkadag şäheriniň ýurduň çägindäki ilkinji “akylly şäherdigini” mahabatlandyrýarlar.

Degişli maglumat Arkadagda jaý edinenler wada berlen öý goşlaryň ýoklugyndan häkimiýete şikaýat etdiler

Emma habarçylarymyz we çeşmeler täze şäherdäki jaýlara hyrydaryň tas ýokdugyny, şäherde iň arzan kottež jaýlarynyň 1 million dollardan, dört otagly kwartiralaryň 350 müň dollardan satylýandygyny habar berýärler. Arkadag şäherinde işleýän býujet işgärleriniň sözlerine görä, olaryň aýlyk zähmet haklary 500-2500 manat aralygynda.

Bahasyna garanda, jaýlaryň hiliniň örän gowşakdygy aýdylýar.

Bu şäherde jaý satyn alan türkmenistanlylaryň ençemesi ýaşaýyş jaýlaryň hiliniň erbetdigini, käbirlerinde hatda suw üpjünçilik turbalarynyň çekilmändigini, ýaşaýjylaryň bu zatlary öz hasabyna üpjün etmeli bolýandygyny Azatlyga gürrüň beripdi.

Şeýle-de, çeşmeler Arkadag şäheriniň seýsmiki aktiw zonada ýerleşýändigini we golaýda bolan ýer titremäniň ýaňy-ýakynda uly dabara bilen iki ýyllygy bellenen täze şäherde hem duýlandygyny bellediler.

Degişli maglumat Arkadag şäherinden jaý satyn alan welaýat ýaşaýjylarynyň jaýlary ellerinden alynýar

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.