Bäherdeniň golaýynda ýertitreme boldy

Türkmen mediasy bu tebigy hadysa we onuň netijeleri barada habar bermeýär.

2-nji iýulda Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň golaýynda 4.6 bal derejesinde ýer titreme boldy. Bu barada Volcano Discovery saýty habar berýär.

Ýerli wagt bilen gije-ýaryndan soň sagat 12:16-da bolan ýer sarsgynynyň 10 km çuňlukda ýüze çykandygy bellenilýär.

Türkmen mediasy bu tebigy hadysa we onuň netijeleri barada habar bermeýär.

Ýerli habarçylarymyz Bäherdende ýaşaýjylaryň ýer sarsygynyndan soň, gyssagly ýagdaýda öýlerinden daşary çykandyklaryny, käbirleriniň howsala edip, gijäni daşarda geçirendiklerini hem aýdýarlar. Ýer sarsgynynyň Büzmeýin, Herrikgala, Gypjak, Gökje sebitlerinde hem duýlandygy bellenilýär.

Türkmen sosýal media ulanyjylary hem ýer titremäniň özlerinde gorky döredendigini, onuň ýakynda uly dabara bilen iki ýyllygy bellenen Arkadag şäherinde hem duýlandygyny aýdyp, postlary paýlaşýarlar.