Daşoguzda esgerleriň kasam kabul etmek dabarasyna gatnaşýan ene-atalaryň sany göz-görtele azaldy

Harby kasam kabul etmek dabarasy (Arhiw suraty)

Şu ýyl Daşoguz welaýatyndaky harby bölümde goşun gullugyna ýazky çagyryş boýunça alnan raýatlaryň harby kasam kabul etmek dabarasyna gatnaşan ene-atalaryň sany göz-görtele az boldy. Bu barada dabara gatnaşan ene-atalaryň we harby ofiserleriň ençemesi 3-nji iýulda Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysyna gürrüň berdi.

“Irden sagat 8:30-da Gubadag etrabyndaky harby bölümiň gapysyny açyp, kasam kabul edýän esgerleriň ene-atalaryny we hossarlaryny içeri saldylar. Olara esger çagalaryny ýanlarynda oturdyp, öýlerinde bişirip getiren naharlaryny iýdirmäge rugsat berdiler. Her kim öz ogluny ýanyna aldy, emma yzyndan hiç bir hossary gelmedik ýaş esgerleriň sany juda kändi” diýip, daşoguzly eneleriň biri anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Degişli maglumat Goşun gullugyna alnan ýaşlaryň harby kasam dabaralarynyň käbiri ýatyryldy

Şu günler Türkmenistanda raýatlary harby gulluga çagyrmagyň hem-de gulluk möhletini tamamlan raýatlary harby gullukdan boşatmagyň ýazky möwsüminiň dowamynda aprel we iýun aýlarynyň aralygynda harby gulluga alnan esgerleriň harby kasam kabul etmek dabaralary dowam edýär.

"Boýunlaryny büküp, gyrada otyrlar..."

Ene-atalaryň birnäçesi hossarlary yzyndan gelmedik esgerleriň onlarçasynyň boýunlaryny büküp, gyrada oturandyklaryny aýdyp, olary ýanlaryna çagyryp, getiren naharlaryndan bermek isländiklerini aýdýar.

“Ilkibada ofiserler hossarlary yzyndan gelmedik esgerleri biziň ýanymyza ugratmajak boldular. Olary nyzama goýup, harby bölümiň binasyna salmakçy boldular we biziň gözümiziň öňünden aýyrmakçy boldular. Ýöne ene-atalaryň ençemesi ofiserlere haýyş edip, hossarlary gelmedik esgerleri öz ýanlaryna aldy we olara nahar hödür etdi” diýip, daşoguzly ýene bir ene anonimlik şertinde aýtdy.

Bu maglumaty harby bölümdäki ofiserleriň biri hem tassyklap, esgerleriň harby kasam kabul etmek dabarasyna gatnaşýan ene-atalaryň sanynyň ýylyň-ýylyna azalýandygyny belleýär.

Hossarlary yzyndan gelmedik esgerleriň ençemesiniň aýtmagyna görä, olaryň aglabasynyň ene-atasy eklenç gözleginde daşary ýurtlarda zähmet çekýär.

"Ýetim ýaly duýýarys"

“Biz orta mekdebi tamamlanymyzda-da özümizi hossarsyz, ýetim ýaly duýduk. Ynha, häzir hem biz ýetimden üýtgeşik däl. Sebäbi hossarlarymyzyň işe ýaraýjaklarynyň ählisi daşary döwletlerde zähmet çekýär. Bizem harby gullugy tamamlap, daşary döwletlere çykarys. Şonda öz maşgalamyza duşarys” diýip, harby gulluga kasam kabul eden esgerleriň biri anonimlik şertinde aýtdy.

Türkmenistanda indi ençeme ýyl bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklar, ýurtda giň ýaýran işsizlik, azygyň we hyzmatlaryň yzygiderli gymmatlamagy, soňky ýyllarda müňlerçe raýatyň eklenç gözleginde daşary ýurtlara, şol sanda Türkiýä, Russiýa we Birleşen Arap Emirliklerine zähmet migrasiýasyna gitmegine getirdi.

Degişli maglumat Esgerler goşun gullugyndan öýlerine dolanýar, ýaşlarda harby gulluga isleg gaçýar

Esgerleriň ýene bir bölegi bolsa, öz hojalyklarynyň gaty kyn ýagdaýdadygyny, ene-atasynyň we jigileriniň gündelik iýmäge çöregini zordan tapýandygyny aýtdy.

“Ene-atamyzyň öz ýaşaýan welaýatymyzdan Daşoguza otluda gelmäge-de maddy ýagdaýy ýok. Öýde iýmäge zat ýok. Biziň harby gulluga öz islegimiz bilen gaýtmagymyzyň sebäbi hem, şu ýerde her güni mugt garnymyzy doýurmagymyz bilen baglanyşykly” diýip, esgerleriň ýene bir anonimlik şertinde aýtdy.

"Içimize ýag gidenok"

Şol bir wagtda, esgerler harby bölümdäki iýmitiň hem öwerlikli däldigini belleýärler.

“Şu güne çenli bize her güni günortanlyk baklažan gaýnadyp berýärler. Agşam bolsa, nohut atylgy çorba berýärler. Olam sadagaň bolaýyn, içinde diňe 2-3 sanjak nohut bar, galany suw, hiç hili ýag ýok. Içimize ýag gidenok. Ofiserlere diňe ýagsyz nahar berilýändigini aýtsak, olar ‘kasam kabul edişlikden soň sizi gowy terbiýelejek, çig baklažan iýmäge-de razy bolarsyňyz’ diýýärler” diýip, ýene bir esger anonimlik şertinde aýtdy.

Bellesek, ýakynda harby borjuny ýerine ýetirip, goşun gullugyndan gaýdyp gelen raýatlaryň ençemesi ýurtda harby gulluk şertleriniň, şol sanda iýmit, arassaçylyk üpjünçiliginiň, öten ýyllar bilen deňeşdirende, soňky aýlarda has-da ýaramazlaşandygyny gürrüň berdi.

Türkmenistanyň häkimiýetleri, şol sanda harby resmileri öz çykyşlarynda goşundaky problemalary agzamaýarlar. Bu ýagdaýlar barada döwlet mediasynda hem hiç zat aýdylmaýar.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.