Russiýanyň goşunlary Eýran tarapyndan öndürilen kamikadze görnüşli “Şahed” dronlaryny täzeden enjamlaşdyrmakda barha ussatlaşyp, olaryň zarba güýjüni ýokarlandyrýar we Ukrainanyň goranyş ulgamlaryna garşy durmak ukyplylygyny güýçlendirýär diýip, ukrain tarapynyň hünärmenleri aýdýarlar.
Kiýewiň kazyýet ekspertizasy institutynyň derňewçisi Oleksandr Wysikan, Russiýanyň Ukraina garşy amala aşyrýan hüjümlerinden soň ýere gaçan dronlaryň böleklerini yzygiderli öwrenýär. Ol Moskwanyň Russiýada öndürýän pilotsyz uçarlaryny yzygiderli kämilleşdirýändigini belleýär.
“Rus güýçleri indi has güýçli zarba böleklerini ulanýar. Täze zarba bölegi sebäpli olaryň dizaýnyny we käbir elektron böleklerini hem üýtgedendiklerini görýäris” diýip, Wysikan Azatlygyň ukrain gullugyna beren interwýusynda aýtdy.
Kämilleşdirilen “Şahed” dronlarynyň düzüminde goragly 16-kanally emeli hemra antennalary ýaly ösen tehnologiýalar ornaşdyrylyp, ukrain güýçleriniň elektron söweş ulgamynyň täsirini peseldýär.
“Kanallaryň köp bolmagy, signaly petiklemek üçin gerek bolan elektron päsgelçiligiň möçberini köpeldýär. Emma dronlaryň täze görnüşiniň iň uly aýratynlygy olaryň içindäki elektroniki böleklerinde bolup durýar. Olar doly üýtgedildi” diýip, Wysikan nygtaýar.
Köp dronlarda göze ilýän ýene bir aýratynlyk, bu ykjam aragatnaşyk ulgamyny (GSM) ulanyp ikinji derejeli nawigasiýa ulgamynyň ornaşdyrylmagydyr. Bu ulgam esasynda operatorlar esasy nawigasiýa ulgamy petiklenen ýagdaýynda hem, mobil aragatnaşyk torunyň üsti bilen dronuň hereketini göni ýagdaýda yzarlap bilýärler.
“Bu ulgam dronuň ýoluny we hereketini daşyndan yzarlamaga mümkinçilik berýär. Eger uçuş ýolundan sowulsa ýa-da dron ýok edilse, operatorlar onuň zyýansyzlandyrylandygyny bilýärler” diýip, Wysikan düşündirdi.
Günbatar ýurtlarynyň sanksiýalary Russiýanyň daşary ýurt tehnologiýalaryna elýeterliligini çäklendirmäge gönükdirilen hem bolsa, rus dronlarynyň düzüminde ABŞ, Niderlandlar, Malaýziýa we Hytaý ýaly ýurtlarda öndürilen komponentleriň henizem yzygiderli tapylýandygy bellenilýär.
Moskwa bolsa sanksiýalardan sowa geçip, daşary ýurtlardan ätiýaçlyk şaýlaryny almak üçin aýlaw ýollaryny tapmagyny dowam etdirýär.
Ukrainanyň Howpsuzlyk gullugynyň (SBU) maglumatlaryna görä, rus goşunlary “Şahed” dronlaryny Ukraina garşy hüjümlerde ilkinji gezek 2022-nji ýylyň ikinji ýarymynda giňden ulanyp başlapdyr. Şol döwürde Russiýa eýýäm gurnalan görnüşinde 2 müň töweregi drony Eýrandan satyn alypdyr. Soňy bilen, Russiýa Eýrandan getirilen taýýar ätiýaçlyk şaýlaryndan öz içinde dronlary ýygnamak ulgamyny ýola goýupdyr. Wagtyň geçmegi bilen Russiýa pilotsyz uçarlaryň doly içerki önümçiligini ýola goýupdyr.
SBU-nyň maglumatyna görä, häzirki wagtda rus kärhanalary tarapyndan jemi 27 müňden gowrak dron öndürilipdir. Ukrainanyň dürli şäherlerine giň gerimli howa hüjümleriniň güýçlenmegi bilen, olaryň ýüzlerçesi ukrain paýtagtyna zarba urmak üçin ulanyldy.