Türkmenistanlylar indi birnäçe gün bäri ýurt ilatynyň aglaba köplüginiň ýüzbe-ýüz bolýan gündelik kynçylyklarynyň fonunda tutulan doglan gün toýy barada oturan-turan ýerlerinde gürrüň edýärler, sosial mediada pikirlerini aýdýarlar diýip, Azatlygyň habarçylary habar berýär.
Türkmenistanda 2013-nji ýyldan bäri geçirilýän we Berdimuhamedowyň doglan gün dabaralary bilen jemlenýän Medeniýet hepdeligi bu ýyl goşa ýubileý hökmünde, hem Arkadag şäheriniň iki ýyllygy, hem-de öňki prezidentiň 68 ýaşynyň toýy hökmünde, has uludan tutuldy we ýurtdaky ykdysady kynçylyklardan bildirilýän nägilelikleriň has ýitileşýän wagtyna gabat geldi.
Türkmen metbugaty şol gün Gurbanguly Berdimuhamddowyň adyna daşary ýurt liderlerinden gelen gutlag hatlaryny çap etdi, onuň birnäçe daşary ýurt lideri bilen telefonda gürleşendigini, Türkmenistanda biznes edýän daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşandygyny habar berdi.
Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen aşgabatly ýaşaýjy Halk maslahatynyň başlygynyň doglan gün dabaralarynyň onuň “halkdan nähili daş we üzňe, başga dünýäde ýaşaýandygyny ýene bir gezek görkezendigini, toýa bagşy çagyrmak däbi bilen ýaşaýan türkmenleriň köpüsiniň ozaly bagşylar näçä geldikä-raý” diýýändigini aýtdy.
"Daşary ýurt bagşylary näçe pula geldikä?"
Berdimuhamedowyň 56 ýaşyny gutlamaga gelen amerikan aýdymçysy Jenifer Lopeziň bu hyzmaty üçin 1,5 million dollar möçberinde pul gazanandygy, ol serişdäni Türkmenistan bilen iş gatnaşyklaryny edýän hytaý kompaniýasynyň töländigi aýdylypdy. Adatça, her ýyl doglan gün konsertine gelýän daşary ýurt bagşylarynyň birki aýdym aýdyp gazanýan pullary halk üçin ‘syr’ we ‘gyzykly tema’ bolup galýar.
Ýerli synçynyň bellemegine görä, başgyrdystanly "Aý Ýola" topary, türkiýeli Simge Sagyn we Edis Görgüli, özbegistanly Jasurbek Mawlonow dagy türkmen jemgyýetçiliginde oflaýn we onlaýn pikir alyşmalarynyň ‘merkezine’ düşdi.
Şeýle-de, bu pikir alyşmalarda türkmen hökümetiniň ‘milli lybas keseli’ hakynda hem gürrüň edildi, muňa daşary ýurtly artistleriň türkmen milli geýimlerinde çykyş etdirilmegi sebäp boldy.
“Bu hiç kim üçin syr däl, türkmen halky paýok görnüşinde berilýän azyk harytlary bilen güzeran aýlaýar. Az aýlyk we pensiýalar ilatyň açlyk derejesinde ýaşamagyna getirdi, ...doýup nahar iýmeýän adam juda köp. Halkyň köp bölegi bir döwüm çörek üçin daşary ýurtlarda gulçulyk edýän wagtynda dünýäniň meşhur aýdymçylar toparynyň Arkadag şäherinde millionlarça dollara konsert bermegi halk arasynda gahar-gazap döretdi” diýip, balkanly ýaşaýjy aýtdy.
Sosial media türkmenistanlylara Arkadagda aýdylan aýdymlaryň sosial mediada paýlaşylan wideolarynyň aşagynda dürli pikirleri ýazmak mümkinçilini berýär. Olaryň käbiri maşgalasyndaky hassa adamy bejertmäge, azyk harytlaryny almaga pulunyň ýokdugyny ýazsa, beýlekileri 1 kg etiň 120 manada çenli gymmatlandygyny aýdyp, bu konserte barmaga diňe haram gazanç edýän emeldarlaryň, ‘worzakonlaryň’, ýagny, kanunlaşan ogry diýilýänleriň gurbunyň çatýandygyny ýazýar.
"Bagtyýarlygy" wasp edýän medeniýet işgärleriniň 'kyn ýagdaýy"
Şu aralykda, dürli çeşmelerden gelip gowuşýan habarlar medeniýet işgärleriniň bu hili dabaralarda köplenç ‘mugt hyzmatkäre’ öwrülýändigini yşarat edýär.
Balkandaky medeniýet toparlarynyň wekilleriniň aýtmaklaryna görä, olar bu ‘toýa’ gelmäge mejbur edildi, döwlet olaryň iş sapary üçin goşmaça hak bermedi, “myhmanhanalar, ýol we naharlanmak - ählisi medeniýet işgärleriniň öz hasaplaryna” diýip, anonimlik şertinde gürleşen çeşme aýtdy.
Onuň tassyklamagyna görä, medeniýet öýüniň ýolbaşçysy aýal-gyzlara “Arkadaga baranyňyzda MHM-de, ýa-da polisiýada işleýän pulluja oýnaş tapyp, myhmanhana we beýleki çykdajylaryňyz üçin pul alyň, edaramyz size pul berip bilmeýär” diýipdir.
“Ahalda geçirilen Medeniýet hepdeligine gatnaşmak islemedik medeniýet işgärleriniň her birinden 1 müň manatdan pul alyndy, ol pullar welaýat, etrap häkimleriniň medeniýet baradaky orunbasarlaryna para hökmünde berildi” diýip, medeniýet işgäri Azatlygyň habarçysyna aýtdy.
Doglan gün dabaralarynyň sosial ulgamlarda döreden pikir alyşmalaryny yzarlan ýerli synçy ýaşaýjylaryň aglabasynyň döwlet maliýe serişdeleriniň ilat üçin has gerekli we derwaýys çykdajylara sarp edilmegine çagyrandygyny belläp, olaryň teswirlerini mysal getirýär.
"Bu bir masgaraçylyk, döwletimiz daşary ýurtly populýar aýdymçylary çagyrmaga dollar tapýar, emma men ýaly maýyp çaganyň enesine Eýrana ýa Özbegistana gidip, operasiýa etdirmegim üçin bank kursundan dollar çalşyp bermäge "mümkinçiligi" ýok. Sizi Alla tabşyrdym" diýip, türkmenistanly ene aýdýar.
Halk bilen hökümetiň arasyndaky 'uzaklyk'
Başga bir türkmenistanlynyň pikiriçe, bu konsert ýurt hökümetiniň iş ýüzünde halkdan nä derejede uzakdadygyny görkezdi:
"Üns beriň, bu çagyrylan myhman aýdymçylaryň çykyşyna diňe az sanly daşary ýurtly diplomat, daşary işler ministrligine we hökümete ýakyn emeldarlaryň aýallary we gyzlary tomaşa edýär, hiç hili adaty adam ýa-da "bagtyýar arkadaglylary" men-ä göremok".
Azatlyk türkmen hökümetiniň milli lybas talaplarynyň, türkmen geýim-eşik medeniýetiniň syýasylaşdyrylmagynyň we başga milletleriň wekilleriniň hem ‘boýnuna dakylmagynyň’ döredýän nägileliklerine ozalam ünsi çekipdi. Bu mesele Arkadagda guralan konsert bilen ýene bir gezek gün tertibine geldi.
Daşary ýurtly aýdymçylaryň türkmen geýimlerinde çykyş etmegi internet ulanyjylarynyň ýiti tankydyna sezewar boldy diýip, ýerli synçy ýazýar.
Türkiýeli internet ulanyjylar Simge Sagynyň türkmen milli köýneginde çykyş etdirilmegine satiriki teswirleri galdyryp, "puluň hemme zada ukyplydygyny" "bellediler". Ýurt içindäki ulanyjylar "lybas talabynyň" hatda myhmançylyga çagyrylan aýdymçylara hem goýlandygyny aýdyp, lapykeç boldular.
"Men, dogrusy, näme diýjegimem bilemok, utanaýyň, how. Bu myhman bolup gelen artistlere bir türkmen donuny, köýnegini geýdirmäň-ä. Bizi dolulygyna orta asyr koloniýasyna öwüräýdiňiz-eý, göni" diýip, aşgabatly ýigit öz teswirinde aýdýar.
Başga bir internet ulanyjy ýurt içinde ‘adaty zada’ öwrülen "çäräniň geriminiň artýandygyny" belleýär:
"Tüweleme, türkmen milli geýimlerini öň diňe ýurt raýatlaryna telewideniýe, sýomka üçin guralan çärelerde mejbury geýdiren bolsaňyz, indi çärä halkara statusyny berip, türk, başgyrt, özbek aýdymçylaryna-da geýdirip başlapsyňyz. Näme diýeli? Indiki gezek Lawrow bilen Ahmet Çalyga hem silkme telpekde, gyzyl donda gelmegi buýruň, ol Aý Ýolaň öňünde tans edýän hindi diplomatlaryna hem keteni bilen öýme ýaglyk beriň".
Arkadagyň ýaş toýy 'agza düşdi'
Arkdagdaky konsert bazarlarda, iş ýerlerinde, köpçüligiň üýşen ýerlerinde hem adamlaryň esasy gürrüň edýän temasyna öwrüldi diýip, ýerli synçy ýazýar.
Azatlygyň habarçylaryna pikirini aýdan aşgabatly, maryly, balkanly we lebaply ýaşaýjylaryň ençemesiniň tassyklamagyna görä, propaganda ähmiýetli çärelere bolan negatiw garaýyş soňky wagtlarda has güýçlenene meňzeýär.
Arkadagda döwlet býujetiniň hasabyna geçirilen dabaralardan başlanan gürrüňler ýurtdaky benzin, walýuta, suw gytçylygy, ulag we aragatnaşyk üzňeligi baradaky gürrüňler bilen utgaşýar, adamlar tomsuň jöwzaly yssysynda Lebap, Mary, Balkan welaýatlary bilen Aşgabadyň arasyndaky ulag gatnawynyň örän ýaramazlaşandygyny aýdýarlar.
Azatlyk ilatyň otly gatnawynyň seýrekliginden, bilet ýetmezçiliginden, hyryn-dykyn wagonlardan, tomus aýlarynda we dynç alyş möwsüminde Marydan, Lebapdan Balkana göni otly gatnawlarynyň ýola goýulmazlygyndan bildirýän nägilelikleri barada habar berip, häkimiýetlerden hiç bir düşündiriş alyp bilmeýär.
Awiabiletler meselesi hem çözülmän gelýär, aeroport kassalarynda eýýäm 1-nji awgusta çenli hiç bir ugur boýunça Lebapdan ýa Balkandan bilet ýok diýip, habarçylarymyz habar berýär.
Bu ýagdaý goly ýuka ilaty taksi hyzmatlaryndan peýdalanmaga mejbur bolýar, emma ýiti benzin gytçylygy taksi bahalarynyň barha gymmatlamagyna sebäp bolýar.
Öwrenilmedik fenomen, 'syýasy işjeňlik' oýanýarmy?
Şol bir wagtda, ýerli synçynyň pikirine görä, bu kynçylyklar we hökümetiň halk üçin "gereksiz boş wagyz-nesihat, propaganda çärelerine” harçlaýan serişdelerini köpeltmegi adamlarda ýiti tankydy reaksiýa döredip, türkmen jemgyýetinde bolup geçýän "fundamental" öwrülişikleri hem aňladyp biler.
"Hawa, bu entek çuňňur öwrenilmedik fenomen, emma soňky 1,5 ýyldaky jemgyýetçilik işjeňligini, onlaýn aktiwizmini we oflaýn hak-hukuk talap etmek hereketlerini seljersek, dogrudanam, türkmen jemgyýetinde belli bir derejede raýat işjeňligi, raýdaşlygy we hatda syýasy işjeňlik hem oýanyp başlady” diýip, synçy aýtdy.
Onuň pikiriçe, türkmenler soňky çärýek asyrda bu hili hili syýasy işjeňligi diňe daşary ýurtlardaky aktiwistlerde gördi we indi, ahyrsoňy, “ýurt içinde hem raýatlar diňe bir öz ykdysady we sosial problemalaryny gozgaman, eýsem öň ‘mizemez’ hasaplanan "çäre, propaganda, şahsyýet kulty, wiza" temalaryny hem arkaýyn agzap başladylar.
Döwlet eýeçiligindäki metbugatyň berýän habarlarynyň, çap edilýän ösüş sanlarynyň durmuş reallygyndan doly üzňeligi, hiç bir meseläniň boýun alynmazlygy ýüzbe-ýüz bolýan gündelik kynçylyklary ýeňilleşmeýän türkmenistanlylary ahyrsoňy dymmakdan el çekmäge iterýär, jemgyýetde syýasy pikir alyşmalar, diskussiýalar döräp başlady diýip, synçylar pikir edýär.
Şol bir wagtda, Azatlyga pikirini ýazan çynçy häkimiýetleriň bu "howply" tendensiýanyň öňüni almak üçin elinden gelenini edýändigini, ýöne bu tagallalaryň türkmen jemgyýetçiligini indi “kän gorkuzmaýandygyny” belleýär.
Azatlyk türkmen häkimiýetlerinden ýurtda geçirilýän propaganda çäreleriniň döwlet gaznasyna näçä düşýändigi, olara ýylda näçe adamyň gatnaşyp, näçe sagat wagtyny harçlaýandygy baradaky soraglaryna düşündiriş alyp bilmeýär
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum