Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zelenski ýer minalaryna garşy global şertnamadan çykmak ugrunda hereket edýär, heläk bolan piloty hormatlaýar


Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski
Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski

Russiýanyň Ukrainanyň şäherlerine garşy yzygiderli hüjümlerini dowam etdirip, 500-den gowrak dron we raketa bilen ýurduň çägine garşy iň uly howa hüjümini amala aşyran mahaly, prezident Wolodymyr Zelenski Ukrainany ýer minalaryna garşy global şertnamasyndan çykarmak baradaky permana gol çekdi we söweş wagtynda wepat bolan uçarmany hormatlady.

29-njy iýunda Zelenski Ukrainany Ottawa konwensiýasyndan çykarmak baradaky permana gol çekdi. Bu şertnama şahsy düzüme garşy ýer minalarynyň ulanylmagyny gadagan edýär. Zelenski Russiýanyň bu ölüm howply minalary giňden ulanýandygyny öň hem nygtapdy we Ukrainanyň şertnamadan çykmak isleginiň sebäbini hut şunuň bilen düşündirdi. Bu şertnama 160-dan gowrak ýurt gol çekdi, emma Russiýa bilen ABŞ oňa goşulmady.

Kreml “bihaýalyk bilen şahsy düzüme garşy minalary ulanýar” diýip, Zelenski aýtdy. “Bu rus ganojaklarynyň häsiýetli aýratynlygydyr – olar ýaşaýşy ýok etmek üçin elinde bolan ähli serişdeleri ulanýarlar.”

Ukrainanyň bu şertnamadan çykmagy üçin, bu karary ýurduň parlamenti tassyklamaly we Birleşen Milletler Guramasyna resmi taýdan habar berilmeli.

Bu aralykda, Zelenski söweş wagtynda wepat bolan, F-16 harby uçarynyň 32 ýaşly ukrainaly piloty Maksym Ustymenkony ýurduň iň ýokary sylagy bilen hormatlady.

“Men Maksym Ustymenka, ukrain uçarmany we iň ökde esgerlerimiziň birine, Ukrainanyň Gahrymany adyny dakmak baradaky permana gol çekdim. Gynansak-da, bu sylag oňa wepat bolandan soň berilýär” diýip, Zelenski aýtdy.

Ukrainanyň goşuny geçen ýyl ABŞ-da öndürilýän F-16 söweş uçarlaryny ulanmagy başlaly bäri, häzire çenli bu kysymly üç sany uçaryny ýitirdi. Ukraina bu uçarlaryň rus howa zarbalarynyň öňüni almak üçin örän möhümdigini aýdýar. Ukrainanyň jemi näçe F-16 söweş uçaryna eýedigini açyk çeşmelerde görkezilenok.

Zelenski şeýle-de, Günbatar ýurtlaryny Kiýewe goldawlaryny dowam etdirmäge we rus hüjümlerinden goramak üçin ýardam bermäge çagyrdy.

“Ukraina howa goranyş ukyplylygyny güýçlendirmeli. Bu adam ömrüni goramak üçin iň netijeli serişdedir. Biz amerikan howa gorag ulgamlaryny satyn almaga taýýar. Birleşen Ştatlaryň, Ýewropanyň we ähli hyzmatdaşlarymyzyň ýolbaşçylygyna, syýasy erkine we goldawyna bil baglaýarys” diýip, Zelenski sosial ulgamda ýazdy.

Bu beýanatlar Russiýanyň 29-njy iýuna geçilýän gije Ukraina garşy 500-den gowrak howa serişdelerini ulanyp, hüjüm etmeginiň yz ýanyndan amal edildi. Kiýew bu hüjümi uruş başlaly bäri amala aşyrylan iň uly howa zarbasy hökmünde häsiýetlendirdi.

Bu hüjüm sebäpli Polşa we onuň ýaran ýurtlary polýak howa giňişliginiň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin harby uçarlaryny gyssagly ýagdaýda howa galdyrdylar diýip, Polşanyň goranmak ministrligi 29-njy iýunda habar berdi.

Forum

XS
SM
MD
LG