Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin we Makron üç ýylyň içinde ilkinji telefon söhbetdeşligini geçirdi


Makronyň metbugat gullugynyň maglumatyna görä, Putin bilen telefon söhbetdeşligi iki sagat dowam edipdir.
Makronyň metbugat gullugynyň maglumatyna görä, Putin bilen telefon söhbetdeşligi iki sagat dowam edipdir.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron, 2022-nji ýylyň sentýabryndan bäri, ilkinji telefon söhbetdeşligini geçirdiler.

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň habaryna görä, liderler Eýran bilen Ysraýylyň arasyndaky konflikti, ABŞ-nyň Eýranyň ýadro desgalaryna uran zarbalaryny we Ukrainadaky urşy ara alyp maslahatlaşdylar.

Putin, ozaklylary ýaly, Ukrainadaky konfliktiň sebäbi hökmünde Günbatar ýurtlarynyň syýasatyny öňe sürdi. Onuň pikiriçe, bu ýurtlar “köp ýyllap Russiýanyň howpsuzlyk bähbitlerini äsgermezlik edipdirler”. Şeýle hem, ol Günbatar ýurtlaryny, Ukrainany ýarag bilen üpjün edip, konfliktiň dowam etmegine sebäp bolmakda aýyplady.

Makronyň metbugat gullugynyň maglumatyna görä, telefon söhbetdeşligi iki sagat dowam edipdir. Fransiýanyň lideri Ukrainada ok atyşyklary bes etmäge we urşy tamamlamak boýunça gepleşikleri başlamaga çagyrypdyr.

Söhbetdeşligiň dowamynda Makron Fransiýanyň Ukrainanyň özygtyýarlylygyna we territorial bitewüligine bolan üýtgemez goldawyny nygtapdyr. Maglumata görä, Makron bilen Putin söhbetdeşikleri mundan beýläk hem dowam etdirmäge ygrarly bolup durýarlar.

XS
SM
MD
LG