Daşoguz welaýatynda adamlaryň işikde saklaýan iri şahly mallarynyň näbelli keselçilikden köpçülikleýin gyrylmagy giň gerime eýe boldy, sebitiň weterinar lukmanlary ilaty öljek bolýan mallaryny halallap öldürip, etini iýmekden saklanmaga çagyrýar diýip, Azatlygyň ýerli habarçysy habar berýär.
Mal doktorlary mallaryň gyrylmagyny ekologiýa ýagdaýy bilen baglanyşdyrýarlar. Ýurt maglumat üçin doly ýapyk bolansoň, Azatlyk mal keselleri we olaryň mümkin bolan sebäpleri hakynda resmi düşündiriş alyp bilmeýär.
Hojalyklarda, adamlaryň işikde saklap bakýan uly mallary, öküzler we sygyrlar, göleler haram ölýär diýip, Azatlyk bilen gürleşen lukman keselli mallaryň etini iýmegiň agyr netijelere getirmek ähtimallygyny duýdurdy.
“Howlusynda saklaýan malynyň ýagdaýynyň ýaramazlaşýandygyny görüp, pyçaga ýetişdirip, bakyp oturan sygryny ýa öküzçesini soýýan adamlar hem az däl. Şeýle ýagdaýda halallap öldürilen malyň kellebaşaýagyndan nahar bişiren maşgalada bir çaga, gyzjagaz ýogaldy” diýip, lukman aýtdy.
Türkmen metbugaty, resmileri ekologiýa arassaçylygy üçin uly işleriň edilýändigini tekrarlap, bu hili negatiw habarlaryň çap edilmegine ýol bermeýär.
Hor-homsy durmuş adamlary töwekgelçilige itekleýär
Habarçy bilen gürleşen lukman adamlaryň mal keselleri we ölmän damagyna ýetişilen malyň etini iýmegiň mümkin bolan netijeleri baradaky habarlary biri-birinden eşidýändigini, ýöne keselli malyň etini taşlap hem bilmeýändigini aýdýar.
“Hor-homsy durmuş adamlaryň keselli mallaryň etini iýmekden saklanmagyna ýol bermeýär. Aç adamlar ‘ölsem hem dok öleýin, açlykdan ölenden’ diýip, janlaryny howp astynda goýup, gapyda öldürilen keselli malyň etini iýmegi saýlap alýar” diýip, lukman aýtdy.
Azatlyk bilen aýry-aýrylykda gürleşen lukmanlar, hünärmenler mallaryň köpçülikleýin kesellemegini ekologiýa, daşky gurşaw meseleleri bilen baglanyşdyrýarlar, ýöne anyk bir zat aýdyp bilmeýärler.
Adynyň aýdylmazlygyny soran tebigaty öwrenijiniň pikiriçe, türkmen hökümeti mümkin boldugyça kän uglewodorod baýlygyny daşary ýurtlara eksport etmäge çalyşýar, ýöne daşky gurşawyň goragyny ýokarlandyrmak, ekologiýa howpsuzlyny üpjün etmek üçin ýeterlik serişde goýbermeýär.
Bu hili çemeleşme, ýerli hünärmeniň ynanjyna görä, ýurduň baýlyklaryny bisarpa ulanmak, soňuny saýmazlyk bilen utgaşyp, Türkmenistanyň çäginde dürli-dürli ekologiýa betbagtçylyklarynyň döremegine we köpelmegine getirýär.
Daşoguz topraklaryny şor basýar, ekine ýaramly ýerler azalýar
“Türkmenistanynyň demirgazyk welaýatynyň topragyny indi uzak wagt bäri duz, şor basýar, çölün çägesi süýşüp, tozap, ekine ýaramly ýerleriň azalmagyna, çölleşýän meýdanyň köpelmegine getirýär, bu görmez, bilmez ýaly bolmady” diýip, hünärmen aýtdy.
Tebigaty öwrenijiniň pikirleri bilen ýerli lukman hem ylalaşýar.
“Aşa gyzgyn howa, günüň ýiti şöhlesi özlerini bu hili howadan goramaga ýeterlik derejede üns bermeýän adamlaryň saglygyna agyr zyýan ýetirýär, onkologiýa kesellerine uçraýan adamlar köpelýär.”
Azatlyk iýun aýynyň başynda ýurduň günorta welaýatlarynda gyrlan iri şahly mallar barada habar berdi. Şonda çopanlar, mal eýeleri agzyna ýara düşen sygyrlaryň ýöräp bilmändigini, weterinar lukmanlar bolsa olary halas edip bolmajakdygyny aýdypdylar.
Bu ýagdaý adamlaryň kesele garşy göreşmek üçin mollalara ýüz tutup, doga-dileg etdirmek ýaly çäreler ýüz urmagyna getirdi.
Ýöne mallar diňe näbelli kesellerden däl, açlykdan, mal doktorlarynyň we zerur dermanlaryň ýetmezçiliginden hem heläk bolýar
Mysal üçin, fewral aýagynda habarçylarymyz Balkandaky maldarlaryň ýüzbe-ýüz bolan kynçylyklaryny habar beripdi.
Synçylar mallaryň, şol sanda öý guşlarynyň köpçülikleýin gyrylmagynyň bazarlardaky bahalara ýiti täsir ýetirýändigini belleýärler.
“Mary welaýatynda bolan aýazly gyşda gyrlan ownuk mallar Aşgabadyň bazarlarynda satylýan goýun etiniň gymmatlamagyna sebäp boldy. Paýtagtyň bazarlarynda satylýan sygyr eti bolsa esasan Daşoguz welaýatyndan getirilýär” diýip, söwda işgäri aýtdy.
Onuň pikiriçe, Daşoguz sebitinde bakylýan sygyrlaryň köpçüliklerin gyrylmagy paýtagtyň et bazaryna ýaramaz täsir edip biler.
Türkmen häkimiýetleri ýurduň azyk howpsuzlygynyň doly üpjün edilendigini aýdýarlar, ýöne mallara degýän keseller, maldarlaryň ýüzbe-ýüz bolýan ot-iým, derman-däri we weterinar ýetmezçiligi barada çykýan habarlara reaksiýa bildirmeýärler.
Forum