Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň wada beren käbir ýaraglary Ukraina ugradylmaz


Ukrain esgerleri M777 gaubisasyndan ot açýarlar
Ukrain esgerleri M777 gaubisasyndan ot açýarlar

ABŞ öňki prezident Jo Baýdeniň administrasiýasy döwründe Ukraina wada berlen ýaraglaryň käbiriniň iberilmegini togtatdy. Munuň, Pentagonyň barlaglaryndan soň, gürrüňi gidýän ýaraglaryň Birleşen Ştatlaryň öz ammarlarynda aşa azalandygynyň ýüze çykarylmagy bilen baglanyşyklydygy aýdylýar.

Ak tamyň metbugat wekili Anna Kelli ABŞ-nyň Goranmak departamentiniň dünýäniň dürli ýurtlaryna berýän harby kömegini seljereninden soň, “ABŞ-nyň öz milli bähbitlerini öňe tutmak baradaky karara gelendigini” mälim etdi.

“Birleşen Ştatlaryň Ýaragly güýçleriniň kuwwatyna şek-şübhe bolup bilmez, muny Eýrandan sorap görüň” diýip, Kelli ABŞ-nyň golaýda Eýranyň ýadro desgalaryna garşy amala aşyran howa zarbalaryny göz öňünde tutup aýtdy.

Kelliniň beýanaty, ABŞ-nyň atladyrylmasyzlygyny soran bir resmisiniň “Politico” neşirine Pentagonda geçirilen barlaglaryň netijesinde, ozal wada berlen käbir ýaraglaryň ammar derejesiniň örän pesdigi we olaryň iberilmeginiň saklanjakdygyny aýtmagynyň yzýanyndan peýda boldy.

2022-nji ýylyň fewralynda Russiýa Ukraina garşy giň gerimli söweşi başlandan bäri, ABŞ Kiýewe 66 milliard dollardan gowrak ýarag we beýleki harby kömegi berdi. Şol bir wagtda, Waşington öz ýaranlaryny Ukraina howa goranyş ulgamyny we beýleki ýaraglary bermäge çagyryp gelýär. Emma olaryň köpüsi, esasanam Russiýanyň howpuny duýýan Gündogar Ýewropa döwletleri ýokary tehnologiýaly ýaraglaryny bermekden saklanýarlar.

Bu karar Russiýanyň geçen dynç günlerinde Ukraina garşy amala aşyran giň gerimli howa zarbalarynyň yz ýanyna gabat geldi. Russiýanyň howa zarbalarynyň güýçlenmegi, ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp tarapyndan goldanylýan parahatçylyk gepleşikleriniň üstünlik gazanmak umytlaryny has-da gowşatdy.

Russiýa raketa we dron zarbalaryny, şol sanda raýat infrastrukturalaryna garşy hüjümlerini güýçlendirdi we munuň netijesinde parahat ilatyň arasndan onlarça adam heläk boldy. Şunuň bilen baglylykda, Ukraina Günbatardan howa goranyş ulgamlaryny bermegi sorap gelýär.

Tramp geçen hepde NATO-nyň sammitiniň çäginde Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski bilen duşuşypdy. Ol duşuşykdan soň, ABŞ-nyň Ukrainany ölüm howply rus hüjümlerinden goramak üçin howa goranyş ulgamlary bilen üpjün etmek üçin tagalla etjekdigini aýtdy, ýöne Ukraina goşmaça harby kömek bermek barada anyk wada bermekden saklandy.

ABŞ-nyň goranmak sekretary Pit Hegset şu aýyň başynda Senatyň aşaky komitetinde çykyş edip, Ukraina üçin käbir harby kömekleriň heniz taýýarlyk tapgyryndadygyny mälim etdi, ýöne bu barada giňişleýin maglumat bermedi. Hegset şeýle hem Ukraina berilýän harby kömegiň mukdarynyň azaldyljakdygyny nygtady.

Ol Trampyň administrasiýasynyň Ukrainadaky konflikt babatynda başgaça garaýyşynyň bardygyny belledi.

“Biz gepleşikler arkaly gazanylan parahat çözgüdiň taraplaryň ikisiniň hem bähbidine we ýurdumyzyň bähbitlerine laýyk gelýändigine ynanýarys” diýip, ol nygtady.

Forum

XS
SM
MD
LG