Türkmenistanda töleg terminallarynyň näsazlyklary dowam edýär. Dürli tölegleri geçirmek işini aňsatlaşdyrmak üçin niýetlenen gurallar sandan çykýar, işleýän terminallar pul kabul etmeýär. Bu ýagdaý ýaşaýjylar üçin kynçylyk döredýär.
Aşgabadyň we Türkmenabadyň ýaşaýjylary mobil telefon hasaplaryny doldurmak we beýleki gündelik hyzmatlar üçin ulanylýan töleg terminallarynyň ençemesiniň kadaly işlemeýändigi sebäpli kösenýändigini Azatlyk Radiosyna gürrüň berdiler.
“Töleg terminallary nagt pullary kabul etmeýär. Hususan-da, bu 2020-nji ýylda çykarylan täze kupýuralara degişli. Bu giň ýaýran ýagdaý. Adamlar köçelerde wagtyny boş sarp edýärler” diýip, türkmenabatly ýaşaýjy gürrüň berdi.
Aşgabadyň ýaşaýjysy soňky döwürde töleg terminallary arkaly pul töleg etmegiň görgä öwrülendigini aýdyp, gural göräýmäge işleýän hem bolsa oňa nagt pul salyp bolmaýandygyny gürrüň berdi we soňky tejribesini paýlaşdy.
“Düýn terminal arkaly hasabymy doldurmakçy boldum. Emma ol puly birnäçe gezek yzyna gaýtardy. Ilki elindäki pullar “galp” bolup biler diýip gorkdum. Soňra TikTok-da başga-da şeýle ýagdaýlary başdan geçiren raýatlaryň wideolaryny gördüm. Bu umumy problema eken” diýip, Aşgabatly zenan 2-nji iýulda gürrüň berdi.
Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary bu problemanyň ýurduň beýleki ýerlerine hem degişlidigini belleýärler.
Türkmenistanlylar töleg terminallary kadaly işlemänsoň, abat gurallary gözlemeli bolýandygyny aýdyp, ýyllarboýy dowam edýän bu problemany çözmek üçin häkimiýetler tarapyndan ýeterlik üns berilmeýändigine nägilelik bildirýärler.
Azatlyk Radiosy bu problema barada soňky ýyllarda ençeme gezek habar beripdi.
Hünärmenler töleg terminallarynda ýüze çykýan näsazlyklar gurallaryň aňyndaky operasion ulgamynyň 5 ýyldan artyk wagt täzelenmändigi bilen bagly diýýärler. Geçen ýyl Azatlyk Radiosy bilen anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan "Türkmentelekomyň" öňki işgäri töleg terminallaryna birnäçe ýyl bäri ýeterlik üns berilmeýändigini aýdypdy.
'Programma üpjünçiligi könelişdi'
Türkmenistanyň aragatnaşyk ulgamynda işleýän ýene bir çeşmäniň gürrüň bermegine görä, häzirki wagtda ulanylýan töleg terminallarynyň operasion ulgamy ýylda bir gezek täzelenip durmaly, bolmasa gurallaryň doly güýjünde işlemek mümkinçiligi peselýär.
“Terminalyň içinde ýörite taýýarlanan programma üpjünçiligi bar. Emma bu sistemany täzeläp durmak üçin hiç hili yzygiderli çäre görülmedi” – diýip çeşme aýdýar.
Beýleki bir çeşmäniň aýtmagyna görä, döwlet aragatnaşyk kompaniýasy häzirki wagtda mobil goşundy hökmünde ulanylýan “Töleg” atly programmany we beýleki online hyzmatlaryny ösdürmek bilen meşgullanýar, terminal ulgamy bolsa, ünsden düşürilýär.
“Olaryň ähli ünsleri onlaýn ulgamyna gönükdirilen. ‘Töleg’ aplikasiýasyny ornaşdyrýarlar, internet arkaly pul geçirmäge höweslendirýärler. Emma ýurduň köp ýerinde internet tizligi pes ýa-da mobil telefon arkaly hyzmatlar elýeterli däl. Şol sebäpli ilatyň ep-esli bölegi henizem köne terminallardan peýdalanmaga mejbur bolýar” – diýip çeşme belleýär.
Azatlyk Radiosy "Türkmentelekom" kompaniýasynyň wekillerinden resmi görnüşde maglumat alyp bilmedi.
Töleg terminallar problemasy soňky hepdelerde sosial ulgamlarda giňden ara alnyp maslahatlaşylýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum