Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tejenliler ýollaryň bejerilýändigini aýdyp, Azatlyga minnetdarlyk bildirýär


Metbugatda Tejende gurlan täze jaýlar görkezilýär, köne köçeler görkezilmeýär.
Metbugatda Tejende gurlan täze jaýlar görkezilýär, köne köçeler görkezilmeýär.

Ahaldaky habarçymyz Azatlygyň etraplardaky ýaşaýyş infrastrukturasy, işsizlik we barha ulalýan içerki migrasiýa barada çap eden habarlarynyň, ýaşaýjylaryň daşary ýurt neşiri arkaly eden tankydy bellikleriniň, hökümetiň alyp barýan içerki syýasatyndan eden şikaýatlarynyň belli bir derejede netije berýändigini habar berýär.

Azatlyk ýurduň etraplaryndaky ýollaryň, köprüleriň gözgyny ýagdaýy, barha ulalýan içerki we daşarky migrasiýa sebäp bolýan işsizlik barada yzygiderli habar berýär.

Emma Aşgabatdaky, ýerlerdäki resmiler, berk döwlet senzurasy, 1990-njy ýyllaryň başynda ornaşdyrylan jogap bermezlik praktikasy sebäpli, metbugat üçin düşündiriş bermeýärler. Şol bir wagtda, çykýan habarlaryň käbir meseleleriň çözülmegine belli bir derejede itergi berýändigi aýdylýar.

Munuň soňky mysaly tejenlilerden gelip gowşan minnetdarlyk sözleri bolup, adamlar şäher we etrap çägindäki ýasaýyş infrastrukturasy barada berlen gepleşigiň “öz miwesini berýändigini” öňe sürýärler.


“Bu meseleler Azatlyk radiosynda agzaldy we ýaşaýjylaryň hökümetiň içerki syýasaty baradaky tankydy bellikleri köpçülige aýan edildi. Bu tankytlar häzirki wagtda öz miwesini berýär. Tejen şäheriniň we etrap ýerleriniň ýollaryny bejermek, asfalt örtmek işleri alnyp barylýar” diýip, habarçymyz bilen gürleşen ýaşaýjy aýtdy.

Tejenliler köçeleriň bejerilýändigini görüp, minnetdar boldular

Onuň sözlerine görä, ýasaýjylar şäherde geçirilýän abadançylyk işlerini görüp, bu meseleleri Türkmenistanyň ilatyna ýetirendikleri, tankydy bellikleriň hökümete täsir edendigi üçin Azatlyk radiosynyň işgärlerine minnetdarlyk bildirýärler.

Şeýle-de, habarçymyz bilen anonimlik şertinde gürleşen adamlar “MHM işgärleriniň Azatlyk radiosyna habar bermezlik babatynda edýän basyşlaryna we gorkuzmalaryna mundan beýläk boýun bolmajakdyklaryny aýtdylar.

“Türkmenistanda bolýan ähli bikanunçylygy Azatlyk radiosynyň üsti bilen halkara guramalaryna ýetirmegi dowam etdireris” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.

Aýratynlykda gürleşilen ýaşaýjylar ýurtda çuňlaşan meseleleriň döwlet eýeçiligindäki metbugatda berilýän öwgüli gepleşikler arkaly basyrylyp saklanyljak bolunýandygyny, ilatyň mahabat gepleşiklerini diňlemekden ýadandygyny aýdýarlar.

“Mysal üçin, şu ýyl daýhanlar galla hasylynyň öňki ýyllara garanyňda pes bolandygyny aýdýarlar. Emma döwlet tele-radio ýaýlymlarynda we metbugatynda prezidentiň oba syýasaty netijesinde ýokary hasylyň ýygnalandygyny öňe sürýärler. Bazarda we dükanlarda ilata hödürlenýän un bolsa diňe Gazagystanda we Russiýada öndürilen un” diýip, ýaşaýjy makaron, wermişel ýaly, un önümleriniň hem esasan import edilýändigini aýtdy.


Tejende çuňlaşýan işsizlik arasynda Türkiýä çykmagy başaran we yzyna gaýdyp barmazlyga çalyşýan zähmet migrantynyň Azatlyga anonimlik şertinde gürrüň bermegine görä, bu etrapdaky oba ýollarynyň ýagdaýy söz bilen beýan edip bolmajak derejede erbet bolup, aýdaly, şol bir sebitde ýerleşeýän Gökdepe etrabynyň oba ýollary bilen deňeşdirer ýaly hem däl.

“Biziň obamyzyň ýollary soňky onýyllyklarda bejeriş, abatlaýyş işlerini düýpden görenok diýsem hem bolar. Awtoulagly Aşgabatdan gelseň, maşynyňy gaty ýuwaş sürüp, çukurlardan aýlanyp, zordan öýüňe ýetýärsiň. Iň geň galýan zadym, adamlar bu ýagdaý bilen öwrenişip gidipdirler. Ýoldan käýinseň, gülýärler” diýip, Türkiýede ýaşaýan tejenli aýtdy.

Türkmen metbugaty hökümet mejlislerinde resmileriň sebit, etrap ýerlerindäki durmuş, ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak ugrunda edilýän işler, şol sanda çekilen ýollar, elektrik, gaz, suw üpjünçiligi barada berýän hasabatlaryny çap edýär, ýöne bir žurnalist hem gidip, ýerli halk bilen gürleşip, saklanyp galýan meseleleri gozgap bilmeýär.

"Ösýän' ýurduň häkimleri 'işini oňarmaýar' - prezident

Ikinji tarapdan, hökümet mejlislerinde berilýän owadan hasabatlaryň arasynda, welaýat, etrap häkimleriniň yzygiderli täzelenmegi, şol bir wagtda-da ýurtda dowam edýän kadr geldi-geçerligine sebäp bolýan meseleler barada dymmak dowam etdirilýär.

Tejen etrabynyň häkimi soňky gezek geçen ýylyň iýul aýynda täzelendi we, adatça edilişi ýaly, öňki häkimiň ýerine onuň orunbasary bolup işlän emeldar bellendi.

Prezidentiň 31-nji iýulda gol çeken permanyna görä, Tejen etrabynyň öňki häkimi Guwançmyrat Baýgeldiýew özüne ynanylan wezipäni oňarmandyr. Onuň ýerine bellenen Guwançmyrat Ýazmyradow hem, Türkiýede işleýän tejenli migrantyň sözlerine görä, “özüne ynanylan wezipäni oňaryp baranok ýa-da onuň hiç bir ygtyýary ýok”.

Resmi habara görä, geçen ýylyň dekabrynda Tejen şäherinde kuwwatlylygy bir gije-gündizde 30 müň kub metr bolan suw arassalaýjy desga ulanmaga berildi.

Adatça bolşy ýaly, türkmen metbugaty bu täzeligi “Oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsi” hökmünde satmaga çalyşdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG