Moskwa “Talyban” hökümetini, ýagny “Owganystanyň Yslam Emirligini” resmi taýdan ykrar edendigini mälim etdi diýip, TASS agentligi Russiýanyň Daşary işler ministrligine salgylanyp habar berýär.
Russiýanyň Owganystandaky ilçisi Dmitriý Žirnowyň bellemegine görä, bu karary prezident Wladimir Putin daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň teklibi esasynda kabul edipdir.
Bu 2021-nji ýylda “Talybanyň” Owganystanda täzeden häkimiýete gelmeginden soň ilkinji gezek amal edildi.
TASS agentliginiň maglumatyna görä, Owganystanyň Moskwadaky ilçihanasynyň üstünde “Talybanyň” baýdagy galdyrylypdyr.
Reuters agentliginiň bellemegine görä, Russiýa “Talybanyň” Owganystandaky häkimiýetini resmi taýdan ykrar eden dünýädäki ilkinji ýurt boldy.
2024-nji ýylyň dekabrynda Russiýanyň Döwlet Dumasy “Talybany” terrorçy guramalarynyň sanawyndan çykarmaga mümkinçilik berýän kanuny kabul etdi, oňa Putin hem gol çekdi.
2025-nji ýylyň 17-nji aprelinde Russiýanyň Ýokary kazyýeti “Talybanyň” ýurt çägindäki hereketine girizilen gadagançylygy togtatdy.
“Talyban” 2003-nji ýylda, BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi tarapyndan degişli sanawa girizilmeginiň yzýany, Russiýada resmi taýdan terrorçylyk guramasy hökmünde yglan edilipdi.