Balkanabatly telekeçiler bazarlardaky dükanlary üçin töleýän salgydyň ýokarlanmagyndan soň gazanjynyň azalandygyny aýdýarlar. Bu ýagdaý käbir dükanlaryň ýapylmagyna sebäp bolupdyr.
Balkanabatdaky Daýhan bazarynda we 5-nji bazarda işleýän dükan eýeleri iki esseden gowrak ýokarlanan salgydyň soňky üç aýyň dowamynda öz işine ýetiren erbet täsiriniň netijesinde hususy dükanlaryny ýapmaga mejbur bolýarlar.
"Döwlet salgydy dükanyň her inedördül metr ölçegi üçin 20 manatdy, indi 56 manada çenli ýokarlandy. Bu aşa köp bolýar. Ozal her aýda 10 müň manat töleýän telekeçiler häzir 25 müň manat tölemeli bolýar. Azyk we egin-eşik satýan dükanlar üçin 150 inedördül metr satmak üçin gerek bolsa, harytlary saklamak üçin ýene ýene şondan gowrak ýer gerek bolýar" diýip, balkanabatly telekeçi aýdýar.
Balkanabatly işewürleriň sözlerine görä, agzalan bu salgyt öz hususy eýeçiligindäki dükanlara degişli. Dükany kireýe alyp işleýänleriň tölegleri has hem ýokary bolýar.
"Dükan hususy özümiziňki bolanda töleýän salgydymyz şu - 56 manat, eger başga biriniň dükanyny arenda alyp işletsek, her inedördül metri üçin töleg 100 manada ýetýär. Ortaça azyk dükanyny işletmek üçin 400 inedördül metr ululykda dükan gerek bolýar" diýip, ýene bir telekeçi aýdýar.
Onuň sözlerine görä, dükany dolandyrmak ençeme çykdajylary talap edýär, şol bir wagtda-da söwda örän gowşak barýar.
"Alyjylar tas ýok. Her aýda azyndan 5 sany işçä aýlyk tölemeli. Ýene dükan salgydy üçin 25 müň manada golaý pul bermeli. Elektrik togy we kommunal tölegleri. Biz diňe zyýanymyza işleýäris" diýip, balkanabatly telekeçi aýdýar.
Balkanabadyň bazarlarynda şu günler satuwa çykarylan dükanlaryň sany esli köpelipdir.
Azyk harytlaryny we alkohol içgilerini satýan dükanlaryň çykdajylarynyň has-da uludygyny dükançylar gürrüň berdiler.
"Ähli harydyň bolmasa alyjy gelmeýär. Dükana spirtli içgiler üçin aýratyn salgyt bar, aýratyn tekjeler gerek bolýar. Her önüme aýratyn tekjeler gerek. Adamlar dükanyň içinde gerek zadyny arkaýyn alyp bilmeli, bolmasa müşderiler gaçýar" diýip, balkanabatly dükan eýesi gürrüň berdi.
Telekeçi martda salgyt ýokarlanaly bäri köp işewüriň öz girdejisini ýitirip, görýän peýdasynyň iňňän ujypsyzdygyny beledi.
Azatlygyň habarçylary Balkanabadyň bazarlaryna baryp gördüler. Olar ýapylýan dükanlaryň köpdügini aýdyp, "dükanlar boş, satyjy tas galmady" diýip ýagdaýy suratlandyrdylar.
"Ýurt ýolbaşçylary ýokary gözegçilik edarasynyň wekillerini ýurduň dürli ýerlerindäki, şol sanda Balkandaky bazarlaryň ýagdaýyny öwrenmäge ugratsa, ýarsyndan gowragynda dükanlaryň boş durandygyna göz ýetirerdi" diýip, Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan balkanly çeşme aýtdy.
Türkmenistanyň hökümet wekilleri ýurduň ykdysadyýetiniň yzygiderleri özgerýändigi, şol sanda söwda pudagynyň ösüş sanlaryny görkezýändigi barada hasabat berýär. Türkmen mediasy telekeçileriň, şol sanda kiçi biznesiň döwlet tarapyndan goldanýandygyny habar berýär. Emma resmi habarlarda problemalardüýpden agzalmaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum